DÜNÝÄ
1 minut okamak
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmak ministrligi, Al Hemnhad howa bazasyna raketa hüjüminiň guralandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy / Reuters

Birleşen Arap Emirlikleri Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy.

BAE Eýrana degişli dronyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygyny mälim etdi we bu wakany dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereket we özygtyýarlygyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

BAE-nyň Daşary işler ministrliginden duşenbe güni berlen beýannamada, “BAE özygtyýarlygy we howpsuzlygy meselesinde asla egilşik etmez” diýildi.

Beýannamada ýurda abanýan howplara garşy halkara hukugyna laýyklykda degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi bellenildi.

Beýannamada şeýle hem hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş edildi we çaknyşyklaryň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga laýyklykda hereket edilmegi islendi.

BAE-nyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada Eýranyň İordaniýa guran raketa hüjümleri ýazgaryldy.

BAE duşenbe güni Eýrana degişli dronyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygyny mälim edipdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, BAE-niň Ýaragly güýçleriniň ähli howplara garşy taýardygyna üns çekilipdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmak ministrligi şeýle hem Al Hemnhad howa bazasyna raketa hüjüminiň guralandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

 

Öwren
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi
Gresiýa Gazadaky genoside garamazdan Ysraýyl bilen 3,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Russiýa: Ukrainanyň logistiki merkezlerini we portlaryny nyşana aldyk
Nepalda sil sebäpli ýogalanlaryň sany 623 adama ýetdi
Nepal Tibet awtonom sebitinde suw bendiniň partlandygyny aýan etdi: Halas ediş işleri togtadyldy
Russiýa Beýik Britaniýa harby bazalara hüjüm etmek bilen haýbat atýar
Eýran: "Deňiz gabawy dowam etse, ABŞ-nyň ykdysady bähbitlerini güýçli bir ýagdaýda nyşana alarys"
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp: "Russiýa NATO-nyň territoriýasyna hüjüm etmez" diýdi
Russiýa: "Ukraina krizisini çözmek bilen bagly parahatçylyk gepleşiklerine açykdyrys"
"Bosniýanyň gassaby" lakamly Ratko Mladiç öldi