ABŞ-nyň Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam öldi, iki polisiýa işgäri bilen birlikde birnäçe adam ýaralandy.
Resmiler bu waka bilen baglanyşykly beren beýanatlarynda Minneapolis şäheriniň merkezinde atyşyk bolandygyny habar berdiler.
Resmiler hüjümde iki polisiýa işgäri bilen birlikde birnäçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler, emma ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýy ýa-da pidalaryň anyk sany barada maglumat bermediler.
MASLAHAT BERILÝÄR
Polisiýa gullugynyň resmileri soňra bir adamyň wakanyň bolan ýerinde, başga biriniň bolsa ýaralanyndan soň äkidilen hassahanasynda aradan çykandygyny aýtdylar.
Beýleki tarapdan resmiler hüjümçi bolandygy güman edilýän bir adamyň hem öli ýagdaýda ele salynandygyny habar berdiler.




















