DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa: Ukrainanyň logistiki merkezlerini we portlaryny nyşana aldyk
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň harby goşuny tarapyndan ulanylýan logistiki merkezleri we portlary bombalandyklaryny habar berdi.
Russiýa: Ukrainanyň logistiki merkezlerini we portlaryny nyşana aldyk
Russiýa: Ukrainanyň logistiki merkezlerini we portlaryny nyşana aldyk

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukraina guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, rus goşunynyň Ukraina garşy düýn gije guran hüjümlerinde paýtagt Kiýewde raketalaryň ätiýaçdaky şaýlary üçin ulanylýan “Film Serwis” logistiki merkeziniň, Günbatarly ýurtlardan gelýän harby enjamyň paýlanyş merkeziniň we Fire Point firmasyna degişli ýarag ammarynyň  nyşana alynandygy nygtaldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada şeýle hem Nikolaýew portundaky logistiki merkez bilen ýangyç ammaryna dronn we raketa hüjüminiň guralandygy ýatladyldy.