Prezident Erdogan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 10 ýyllygy bilen baglanyşykly beren beýanatynda: “Biz bütin dünýä gahryman goşunymyzyň güýjüni görkezdik; dostlarymyza-da, duşmanlarymyza-da sebitimizdäki terrorçylyga, çaknyşyklara we durnuksyzlyga çydam etmejekdigimizi yglan etdik” diýip belledi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ýefrat galkany operasiýasynyň 10-njy ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Prezident Erdogan: "Gahryman goşunymyzyň güýjüni bütin dünýä görkezen we dostlarymyza-da, duşmanlarymyza-da sebitimizdäki terrorçylyga, çaknyşyklara we durnuksyzlyga çydam etmejekdigimizi yglan eden Ýewfrat galkany operasiýasynyň 10-njy ýylynda, eziz şehitlerimizi rehimdarlyk bilen, gahryman weteranlarymyzy bolsa minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn" diýip nygtady.






















