Ýaponiýanyň Goranmak ministri, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Seul bilen bir gün ozal başlamagy meýilleşdirlen harby türgenleşikleriň göwrümini türgenleşigiň başlamagyna birnäçe sagat galanda kiçeltmeginden soň metbugata beýannama berdi.
Ýaponiýanyn Goranmak ministri Kouzumi Şinžiro, ýurdy bilen ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diýseň möhümdigini belledi.
Koizumi Awstraliýanyň Goranmak ministri Riçard Marles bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda “Ýaponiýa söweşden soň döwrüniň iň ynjyk we çylşyrymly günlerini başdan geçirýär. Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”diýdi.
Kanberrada geçirlen Ýaponiýa-Awstraliýa maslahaty, Trampyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim bilen edýän gatnaşygy hakynda öwgüli sözler aýtmagyndan we Waşingtonyň Eýrana garşy alyp barýan göreşine kömek bermeýändigi sebäpli Koreýa Respublikasy bilen edýän gatnaşyklaryny berk tankyt etmeginden birnäçe sagat soň geçirildi.
Awstraliýanyň Goranmak ministri Riçard Marles maslahatdan soň metbugata beren beýannamasynda Trampyň sözleri hakyndaky soraga ýurdunyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa meýilnamasyna alada bildirýändigini nygtamak bilen jogap berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp duşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň duşuşyk talabyna oňyn jogap berendigini we Kim bilen edýän gatnaşygynyň sebiti has howpsuz ýagdaýa getirendigini aýdypdy.

















