Kolumbiýa duşenbe güni bolan 7,4 bal ululygyndaky weýran ediji ýer titremesiniň pidalaryny hatyralamak üçin üç günlük milli ýas yglan etdi. Ýer titremede ýogalanalryň sany 265 adama ýetdi, azyndan 3494 adam ýaralandy we dereksiz ýiten 496 adamyň gözleg işleri dowam edýär.
Prezident Abelardo De la Espriella ähli jemgyýetçilik binalarynda we diplomatik wekilhanalarda milli baýdaklaryň ýarym görnüşde aşak düşüriljekdigini aýan etdi.
Duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 07:34-de Çoko welaýatynyň San Hose del Palmar şäheriniň golaýynda, 107 kilometr çuňlukda bolan ýer titremesi soňky 100 ýylyň dowamynda Kolumbiýada bolan iň heläkçilikli ýer titremesi boldy.
Pereira we Kali ýaly iri şäherlerde adatdan daşary ýagdaýlar toparlary agyr tehnikalary, gözleg itlerini we adam zynjyrlaryny ulanyp, gije-gündiz gözleg we halas ediş işlerini geçirmäge dowam edýärler.
De La Espriella: "Ýiten adamlary tapmak üçin tagallalarymyz dowam edýär" diýdi.
























