DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Kiýewi ballistik raketalar bilen nyşana aldy
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko şäheriň "ballistik raketalaryň hüjümine sezewar bolandygyny" aýtdy, şäheriň harby dolanşygy bolsa merkezi sebitdäki ammarlary ýangyn gaplap alandygyny habar berdi.
Russiýa Kiýewi ballistik raketalar bilen nyşana aldy
Russiýa Kiýewi ballistik raketalar bilen nyşana aldy

Habarlara görä, Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde gije, ukrain resmileriniň golaýlaşyp gelýän birnäçe raketanyň bardygy barada berlen duýduryşdan soň birnäçe partlama sesi eşidildi.

Beýleki tarapdan sişenbe güni Zaporožýedäki rus hüjümlerinde azyndan 5 adam öldi we 20 adam ýaralandy.

Habarçylar birnäçe güýçli partlama sesini eşidendiklerini aýtdylar, şäheriň häkimi Witaliý Kliçko bolsa sosial mediadan beren beýanatynda, Kiýewiň "ballistik raketalar bilen hüjüme sezewar bolýandygyny" ýazdy.

Ukrainanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Zaporožýe şäheriniň gubernatory Russiýanyň guran hüjümlerinde 5 adamyň ölendigini we 20 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Sebitleýin harby dolanşygynyň başlygy Iwan Fedorow Telegramdan beren beýanatynda: “Bäş adam öldi we 20 adam ýaralandy: gynansak-da, duşmanyň Zaporožeý guran hüjüminden soň ölenleriň sany artmagyny dowam etdirýär” diýip belledi.