TÜRKIÝE
1 minut okamak
MHG-nyň başlygy Kalyn liwiýaly resmiler bilen Ankarada duşuşdy
Howpsuzlyk çeşmeleriniň maglumatyna görä, Kalyn Ankarada Zubi we Dibeýbe bilen duşuşyk geçirdi.
MHG-nyň başlygy Kalyn liwiýaly resmiler bilen Ankarada duşuşdy
MHG-nyň başlygy Kalyn liwiýaly resmiler bilen Ankarada duşuşdy

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdulsalam Zubi we Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbeniň Milli Howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Ibrahim Dibeýbe bilen duşuşdy.

Duşuşygyň gün tertibinde Liwiýa we sebitleýin wakalar, Liwiýa bilen Türkiyäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin edilmeli çäreler we Liwiýada durnuklylygy saklamak üçin dowam edýän tagallalar barada pikir alyşmalar bardy.

Zubi we Dibeýbe duşuşykda Türkiyäniň Liwiýadaky netijeli we konstruktiw roluna ýokary baha berýändiklerini aýtdylar.

Kalyn Türkiyäniň Liwiýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagy üçin berýän güýçli goldawynyň dowam etjekdigini nygtady.

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Türkiyäniň Liwiýanyň birleşmegi we ýurduň gündogaryndaky we günbataryndaky dolanşyklary ýeke-täk Liwiýanyň astynda birleşdirmek prosesine goldaw bermegini dowam etdirjekdigini nygtady.

Liwiýada ädilmeli goşmaça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy

Kalyn, şeýle hem Liwiýanyň içeri işler ministri Imad et-Trablusi bilen Ankarada duşuşdy.

Duşuşykda Liwiýada howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek üçin ädilip bilinjek goşmaça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Trablusi Türkiyäniň Liwiýanyň Milli jebislik hökümetine berýän goldawyna kanagatlanma bildirdi.

Kalyn şeýle hem Liwiýanyň howpsuzlygyna we ösüşine goldawyň dowam etjekdigini we Türkiyäniň terrora garşy göreş, adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşde Liwiýa we Demirgazyk Afrika bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini beýan etdi.