Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň berýan maglumatyna görä Ynkylap goragçylarynyň goşuny Ormuz bogazy barada beýanat çap etdi.
Beýanatda Ormuz bogazynyň Eýranyň gözegçiligine degişlidigi we ABŞ “sebitara deňiz gatnawlaryna howp salmaga we operasiýalar guramaga dowam eden halatynda" bogazyň açylmajakdygy hem-de ýagdaýyň has-da ýaramazlaşyp biljekdigi nygtalýar.
MASLAHAT BERILÝÄR
Beýanatda şeýle hem ABŞ-ny goldaýan ýurtlaryň pozisiýalaryny üýtgetmän halatynda "berk garşylyk görjekdikleri" mälim edilýar.



















