TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Daşary işler ministrligi düýn ysraýylly ministriň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň goragy astynda ekstremist toparyň ýanynda Aksa metjidinde reýd geçirmegini ýazgardy.
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda ysraýylly bir ministriň we ekstremist toparyň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň goragy astynda Aksa metjidine garşy amala aşyran hereketlerini berk ýazgardy.

Beýanatda: "Biz ysraýylly ministriň we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň goragy astyndaky ekstremist toparyň Aksa metjidinde reýd geçirmegini berk ýazgarýarys. Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň musulmanlara degişli bolan, esasanam Aksa metjidi başda bolmak bilen Iýerusalimdäki mukaddes ýerleriň, taryhy we kanuny statusyny bozýan öjükdiriji hereketleriniň we ýalňyşlyklary döretmäge synanyşyklaryň öňüni almagyň halkara jemgyýetçiliginiň umumy jogapkärçiligidigini ýatladýarys" diýip habar berildi.