Daşary işler ministri Hakan Fidan, Katara guran saparynyň çäginde Katar TW teleýaýlymyna beýannama berdi.
Katar bilen Türkiýäniň taryhy we güýçli gatnaşyklara eýedigine ünsi çeken Fidan, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň Kataryň merhum Emiri Şyh Hamed bin Halife Al Sani döwründe başlandygyny ýatlatdy.
Hakan Fidan “Türkiýe bilen Katar şu günki günde Liwandan Owganystana, Owganystandan Sudana, Sudandan Gaza, Palestin we Eýran meselesine çenli birnäçe meselede ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär”diýdi.
Ministr Fidan Aýlag sebitinde Kataryň başda durmagynda Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kuweýdiň we Omanyň soňky birnäçe ýylda uly öňe gidişlik edendigine ünsi çekdi.
Hakan Fidan 28-nji fewraldan bäri dowam edýän Amerika-Eýran söweşiniň sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, bu söweşiň dowam etmeginiň sebitde has uly kynçylyklara sebäp bolup biljekdigini ýatlatdy.
Daşary işler ministri Fidan “Eýran bilen Amerikanyň ylalaşygy dowam etdirmegini isleýäris. Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde Kataryň we Türkiýäniň goldaw bermeginde ylalaşyk teswirnamasy taýarlandy. Hüjümleriň gaýtadan başlamagy sebäpli dartgynlyk möwjedi emma biz ylalaşygyň dowam etdirilmegine goldaw berýäris” diýdi.
Ministr Fidan Katara guran saparynyň çäginde geçirlen gepleşiklerde bu meseläniň seljerlendigini ýatlatdy.




















