TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Katara sapar eder
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Katar Döwletiniň ozalky Emiri Şeýh Hamad bin Halyfa Al Saniniň aradan çykmagy sebäpli Katara gynanç bildirmek üçin sapar eder.
Prezident Erdogan Katara sapar eder
(ARHIW) Erdogan gynanç bildirmek üçin Katara gidýär

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň bu baradaky beýanatynda şeýle diýilýär:

"Prezidentimiz jenap Rejep Taýýip Erdogan 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Katar Döwletiniň ozalky Emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Saniniň aradan çykmagy sebäpli Katara gynanç bildirmek üçin sapar eder."

Uzak wagt bäri bejergi alýan Kataryň ozalky Emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Sani düýn 74 ýaşynda aradan çykdy we Dohadaky Lusail gonamçylygynda jaýlandy.

Şeýh Hamadyň aradan çykmagy sebäpli ýurtda 4 günlük resmi ýas yglan edildi.

1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli häkimiýet başynda bolan Şeýh Hamad bin Halyfa Al Sani wezipäni 2013-nji ýylda ogly Şeýh Tamim bin Hamad Al Sana tabşyrypdy.