Prezident Erdogan NATO-nyň liderler sammitini taryhy üstünlük hökmünde häsiýetlendirdi
SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan NATO-nyň liderler sammitini taryhy üstünlük hökmünde häsiýetlendirdiPrezident Erdogan Ankarada geçirlen NATO-nyň liderler sammitiniň gurama agza ýurtlaryň arasyndaky jebisligi güýçlendirendigini nygtady we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýäniň F-35 meýilnamasyna oňyn garaýandygyny aýtdy.
Prezident Erdogan NATO-nyň liderler sammitini taryhy üstünlük hökmünde häsiýetlendirdi / AA

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan paýtagt Ankarada geçirlen NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitiniň netijeli geçendigini nygtady.

Prezident Erdogan sammiti Ýewropa-Atlantika sebitinde howpsuzlyk meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän döwründe guramanyň geljegine goşant goşjak “taryhy” sammit hökmünde häsiýetlendirdi.

Prezident Erdogan sammitden soň metbugata beren beýannamasynda “Türkiýede 22 ýyl soň ikinji, paýtagt Ankarada bolsa ilkinji gezek geçirlen NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitini üstünlikli ýagdaýda tamamladyk” diýdi.

Erdogan sammitiň Ýewropa-Atlantikanyň howpsuzlygy taýdan ynjyk döwürde geçirlendigini we gurama taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady.

F-35 meselesine oňyn garalýar

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýä F-35 harby uçarlarynyň berilmegine meselesine oňyn garaýandygyny aýtdy.

Erdogan ABŞ tarapyndan Türkiýä goýlan sanksiýalaryň esasy böleginiň ortadan aýrylandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan Ankaranyň 5-nji nesil harby uçarlaryny alyp biljekdigini nygtady.

Erdogan “Jenap Tramp F-35 meselesine oňyn garaýar. F-35 harby uçarlarynyň Türkiýä gowşurlan güni bütin dünýä “Amerika beren wadasynda durdy” diýer” diýip belledi.

Erdogan Trampyň Türkiýäniň ýerli KAAN harby uçary üçin F110 hereketlendirijileriniň satylmagyna goldaw berendigini sözleriniň üstüne goşdy.

Prezident Erdogan Trampyň gymmaty 700 million dollara barabar bolan şertnamanyň çäginde Türkiýä onlarça hereketlendirijisiniň satylmagyna goldaw berýändigini belledi.

Halkara parahatçylyk tagallalary

Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky söweşiň bes edilmegi üçin diplomatik tagallalaryň gaýtadan başladylmagy barada çagyryş eden Prezident Erdogan, sebitiň çaknyşyklaryň hötdesinden gelip bilmejekdigini nygtady.

Ukrainadaky söweş barada durup geçen Erdogan, çaknyşyklaryň 5 ýyldan bäri dowam edýändigini we uly ýitgi çekilmegine sebäp bolandygyny belledi.

“Gazadaky basyp alyşlyk we zulum dowam edýär” diýen Erdogan, Ysraýylyň Gazada edýän genosidini ýazgardy.

Sebitara howpsuzlyk barada hem durup geçen Erdogan, Türkiýäniň Ormuz bogazynda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dojam etjekdigini ýatlatdy.