TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Damaskda guralan hüjümi ýazgardy
“Siriýanyň paýtagty Damaskyň Hijaz etrabynda guralan hüjümi berk ýazgarýarys”
Türkiýe Damaskda guralan hüjümi ýazgardy
Türkiýe Damaskda guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi, Siriýanyň paýtagty Damaskyň Hijaz etrabynda guralan we adam pidasyna sebäp bolan hüjümi berk ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Siriýanyň paýtagty Damaskyň Hijaz etrabynda guralan we adam pidasyna sebäp bolan hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dilendi we siriýanyň halkyna we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Türkiýäniň Siriýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Siriýadaky hüjüm

Siriýanyň paýtagty Damaskyň iň gelim-gidimli ýerlerinden biri bolan taryhy Hamidiýe bazaryna tarap barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän Adalat köşgüniň golaýyndaky kafede bolan partlamada 5 adam ýogalypdy, 16 adam hem ýaralanypdy.

Siriýanyň Içeri işler ministýrligi, hüjümde elde ýasalan partlaýjy maddasynyň ulanylandygyny habar berdi.