DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
Tramp administrasiýasy Ankara harby uçaryň onlarça hereketlendirijisiniň berilmegini göz öňünde tutýan uly göwrümli harby satuw meýilnamasyny amala aşyrmak hakynda karara geldi.
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär / AA

Trampyň administrasiýasynyň Türkiýä 750 million dollarlyk F110 reaktiv uçarynyň hereketlendirijileriniň satuwyny tamamlamak üçin işe girişendigi habar berildi.

Metbugatda çykan habarlara görä, administrasiýa Kongrese Türkiýäniň ilkinji ýerli harby uçary “KAAN-y” uçurjak "General Electric" tarapyndan öndürilen hereketlendirijileriň satuwyny dowam etdirmek niýeti barada habar berdi. Administrasiýa Prezident Rejep Taýyp Erdogany "sebitde möhüm hyzmatdaş" diýip, atlandyrdy.

Bu başlangyç, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geljek aý Ankarada Prezident Erdogan bilen duşuşmagyna garaşylýan NATO-nyň sammitinden öň Türkiýäni kanagatkandyrjak möhüm žest hasaplanýar.

Satuwyň birnäçe günüň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti bolsa Kongrese resmi taýdan maglumat berer.

Tramp çarşenbe güni, Ankaranyň F-35 harby uçarlary we reaktiv hereketlendirijiler baradaky haýyşy hakda soralanda, "Türkiýäni örän begendirjek" başlangyç etmeginiň mümkindigini aýdypdy.

Trampyň NATO-nyň 7-8-nji iýulda geçiriljek sammitine gatnaşmak üçin Ankara gelip, Prezident Erdogan bilen duşuşmagyna garaşylýar.

ABŞ 2019-njy ýylda Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny satyn almagyna garşylyk görkezip, Türkiýäni F-35 harby uçarlary hakynda maksatnamadan çykarypdy. Waşington S-400 ulgamynyň F-35-leriň howpsuzlygyna wehim saljakdygyny we NATO-nyň ulgamlary bilen gabat gelmeýändigini öňe sürüpdi.

 Türkiýe iki ulgamyň arasynda hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyny yzygiderli beýan edip, meseläni derňemek üçin bilelikdäki toparyň döredilmegini teklip edipdi.

Ankara şeýle hem F-35 maksatnamasynda öz borçlaryny ýerine ýetirendigini we onuň çykarylmagynyň kadalara bap gelmeýändigini beýan edipdi.

Türkiýe F-35 harby uçarlarynyň diňe öz goranyşyny däl, eýsem NATO-nyň goranyş mümkinçiliklerini hem güýçlendirjekdigini öňe sürýär.