SYÝASAT
1 minut okamak
Singapuryň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Singapuryň Premýer-ministri Lourens Wong şu gün Türkiýä geler.
Singapuryň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Singapuryň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, Nsosial arkaly beren habarnamasynda, Singapuryň Premýer-ministri Wonguň 19-njy iýunda Türkiýede saparda boljakdygyny aýtdy.

Wonguň iş saparynyň çäginde Türkiýe bilen Singapuryň arasyndaky söwda we maýa goýum pudagynyň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn seljeriljekdigini nygtan Duran, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin durmuşa geçiriljek işleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy.

Burhanettin Duran saparyň çäginde sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getiriljekdigini belledi.