TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi
Prezident Erdogan: “ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşygy sebitimizde parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak üçin möhüm bir waka hökmünde görýärin we ony uly hoşallyk bilen kabul edýärin” diýdi.
Prezident Erdogan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi
Prezident Erdogan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan ABŞ-Eýran ylalaşygy barada beýanat berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşygy sebitimizde parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak üçin möhüm waka hökmünde görýärin we ony uly hoşallyk bilen kabul edýärin” diýip belledi.

Bütin dünýä üçin köp wagtdan bäri zerur bolan bu habaryň sebitimizde dowamly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna goşant goşjakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Prezident Erdogan ylalaşyklara gol çekilýänçä çenli dartgynlylygy güýçlendirip biljek ritorikalardan, öjükdirmelerden we hereketlerden gaça durmagyň we mümkin bolan sabotaža garşy seresap bolmagyň zerurdygyny nygtap geçdi.

Erdogan bu netijä ýetmekde ABŞ-nyň we Eýranyň ýolbaşçylary başda bolmak bilen, amala aşyran araçylyk tagallalary üçin Pakistana minnetdarlyk bildirýändigini beýan etdi.

Prezident Erdogan şeýle hem, Kataryň we Saud Arabystanynyň diplomatik başlangyçlara beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Türkiýe hökmünde sebitimizde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy ýola goýmaga gönükdirilen ähli tagallalary goldamagy dowam etdireris, şeýle hem diplomatiýa we halkara hukugyna esaslanýan dowamly çözgütlere goşant goşarys” diýip belledi.