Ýadro ýaraglanlarynyň gadagan edilmegi guramasynyň “2025-nji ýylda Ýadro ýaraglary üçin edilen çykdajylar” temaly habarnamasynda, ýadro ýaragyna eýe bolan 9 ýurduň geçen ýyl eden çykdajylary hakynda maglumat berdi.
Habarnamada “2025-nji ýylda ýadro ýaragyna eýe bolan 9 ýurt ýadro ýaraglary üçin 118,8 milliard dollar ýagny sekuntda 3 müň 768 dollar sarp etdi” diýildi.
Habarnamada Hytaý, Fransiýa, Hindistan, Ysraýyl, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa, Britaniýa we ABŞ ýaly ýadro ýaragyna eýe bolan ýurtlaryň bu ugurdaky çykdajylarynyň geçen ýyla görä, 16,8 milliard dollar artdyrandygyna üns çekildi.
Habarnamada ýadro ýaragyna eýe bolan 9 ýurduň geçen ýyl bu ugurdaky çykdalarynyň 19 göterim artandygy ýatladyldy.
ABŞ ýadro ýaragy üçin geçen ýyl 69,2 milliard dollar sarp etdi we Waşington şol san bilen 9 ýurduň arasynda ýadro ýaraglary üçin iň köp çykdajy eden ýurt boldy.
Hytaý 13,5 milliard dollar bilen ýadro ýaragy üçin iň köp serişde sarp eden ikinji ýurt boldy.
Britaniýa sanawda 9,5 milliard dollar bilen üçünji, Russiýa bolsa 12,6 milliard dollar ýadro ýaragy üçin iň köp serişde sarp eden dördünji ýurt boldy.
Habarnamada geçen ýyl Fransiýanyň ýadro ýaragy üçin 7,7 milliard dollar, Hindistanyň 2,8 milliard dollar, Pakistanyň 1,5 milliard dollar, Ysraýylyň 1,2 milliard dollar we Demirgazyk Koreýanyň bolsa 656 million dollar sarp edendigi nygtaldy.
Habarnamada ýadro ýaragyna eýe bolan 9 ýurduň 5 ýylda ýadro ýaraglary üçin jemi 471 milliard dollar sarp edendigine üns çekildi.




















