DÜNÝÄ
1 minut okamak
Berlinde ulag ýöriş geçirýän märekäniň içinden geçdi
Resmiler köp sanly polisiýa işgärini wakanyň bolan ýerine gönükdirdi, raýatlardan sebiti terk etmekleri we gyssagly kömek toparlarynyň görkezmelerini ýerine ýetirmekleri barada haýyş edildi.
Berlinde ulag  ýöriş geçirýän märekäniň içinden geçdi
Berlinde ulag ýöriş geçirýän märekäniň içinden geçdi

Germaniýanyň metbugaty Polisiýa gullugynyň maglumatlaryna esaslanyp beren habaryna görä, Berliniň merkezindäki ýörişde sürüjileriň biri ulagyny märekäniň içinden geçirip bir adamy öldürdi, 10-dan gowrak adamy ýaralady.

Waka şenbe güni ýerli wagt bilen takmynan sagat 22:00-da Tiergarten sebitinde geçirilen ýörişde boldy.

BILD gazetiniň şaýatlaryna esaslanyp, ak mikroawtobusyň ýokary tizlikde märekäniň içine girendigi habar berildi.

Wakadan soň gyssagly kömek merkezinde ýaralananlaryň köpdügi barada duýduryş berildi. Ýangyn söndüriji gullugynyň metbugat sekretary wakanyň bolan ýerine 44 gyssagly kömek işgäriniň iberilendigini habar berdi.

Resmiler köp sanly polisiýa işgärini wakanyň bolan ýerine gönükdirdi, raýatlardan sebiti terk etmekleri we gyssagly kömek toparlarynyň görkezmelerini ýerine ýetirmekleri barada haýyş edildi.

Sürüji we wakanyň sebäbi barada häzirlikçe başga hiç hili maglumat berilmedi.