DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanda güýçli ýagyşlar sebäpli on alty adam ýogaldy
Hindistanda güýçli ýagyşlar sebäpli başdan geçirlen ýer süýşgünleri, sil apatlary we ýyldyrymyň çakmagy netijesinde azyndan 16 adam ýogaldy.
Hindistanda güýçli ýagyşlar sebäpli on alty adam ýogaldy
Hindistanda güýçli ýagyşlar sebäpli on alty adam ýogaldy

Hindistanda günorta-günbatar musson ýagyşlary gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär.

Resmiler Jammu-Kaşmir welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli dörän ýer süýşgünleri we sil apatlary heläkçilikleriniň netijesinde azyndan 11 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň dereksiz ýitendigini habar berdiler.

Resmiler Uttarakhand welaýatynda ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 2 adamyň ýogalandygyny we köp sanly ýollaryň ulag gatnawlary üçin ýapylandygyny, Nagaland welaýatynda bolsa suw joşgunlarynda 3 adamyň ýogalandygyny, köp sanda öýe zeper ýetendigini we käbir adamlaryň harabalyklaryň aşagynda galandygyny habar berdiler.

Resmiler gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdiler.

Hindistanyň Meteorologiýa Departamenti (IMD) ýurduň demirgazyk we gündogar sebitlerine täsir ýetirýän güýçli ýagyşlaryň dowam edip biljekdigi barada duýduryş berdi.