SYÝASAT
1 minut okamak
Aliýew, Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryna ýokary baha berdi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew “Bu derejede ýakyn dost bolan başga ýurt ýok” diýdi.
Aliýew, Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryna ýokary baha berdi
Aliýew, Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryna ýokary baha berdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar goňşy ýurtlar tarapyndan görelde alynmaly. Goňşular hem edil Türkiýe bilen Azerbaýjan ýaly hereket etmeli”diýdi.

Ilham Aliýew, IV Şuşa Halkara Media forumynda eden çykyşynda sebitara we halkara meseleler hakynda durup geçdi.

Aliýew ykdysadyýet, syýasat, energetika we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar taýdan ser salnanda dünýäde biri-birine Türkiýe bilen Azerbaýjan ýaly beýle ýakyn, biri-birine şeýle uly goldaw berýän we dost iki ýurduň ýokaydygyny nygtady.

Prezident Aliýew “Bu halklayrmyz we ýurtlarymyz üçin diýseň bähbitli. Agzybirlikde hereket edýändigimiz üçin biz has güýçli diýdi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitara durnuklylyk we hyzmatdaşlyk taýdan diýseň möhümdigine ünsi çeken Aliýew “Bu şol bir wagtda howpsuzlyk taýdan hem diýseň möhüm. Sebäbi Şuşada 5 ýyl ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen birlikde Şuşa beýannamasyna gol goýduk.  Bu beýannama özara gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagyna itergi berdi. Biz diňe dogan we dost ýurt däl eýsem şol bir wagtda ýakyn hyzmatdaş. Birek-birege ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

IV Şuşa Global Media forumyna 53 ýurtdan 160 adam gatnaşýar.

30-dan gowrak habar gullugynyň we 10 halkara guramanyň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilýän forum 2 gün dowam eder.