ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmak üçin ertir Ankara geler.
Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyn ertir günortadan soň Ankara geljekdigini habar berdi.
Myhman Prezident Tramp Prezident R. T. Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.
İki lider garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirer.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar.
MASLAHAT BERILÝÄR
Prezident Tramp çarşenbe güni günortadan soň Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý we Siriýanyň Prezidenti Ahmet Al Şara bilen duşuşar.
Prezident Donald Tramp Ankaradan ugramazdan öň metbugata beýannama berer.


















