Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 7-8-nji iýulda Ankarada geçiriljek NATO sammitiniň "tejribe paýalyşmak üçin iň güýçli platforma" boljakdygyny aýtdy.
NATO-nyň parlament başlyklarynyň hormatyna duşenbe güni Stambulda geçirilen günortanlyk naharynda eden çykyşynda Erdogan Ankaranyň öz ýaranlary bilen "sebit krizislerini dolandyrmakdaky ajaýyp ukybyny" we ýaranlykdaky uzak wagtlyk tejribesini paýlaşýandygyny aýtdy.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda geçirilen NATO-nyň Parlament Sammitinde eden çykyşynda, materikleriň we medeniýetleriň çatrygyndaky Stambulda gatnaşyjylar bilen duşuşandygyndan örän hoşaldygyny aýtdy.
NATO-nyň Parlament Sammitiniň netijeli bolmagyna umyt baglaýandygyny aýdan Prezident Erdogan sammite goşant goşan her bir adama minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Erdogan 7-8-nji iýulda Ankarada geçiriljek NATO-nyň Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Sammitinden öň bu möhüm duşuşygyň aýratyn ähmiýete eýedigine ynanýandygyny belläp: “Hyzmatdaş ýurtlaryň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we agzybirligiň ajaýyp nyşany görýän bu sammitiň guralmagyna goşant goşanlara minnetdarlyk bildirýärin, işleriňizde üstünlik arzuw edýärin” diýip belledi.
Prezident Erdogan: "Ýewropa-Atlantik howpsuzlygy taryhy öwrülişik nokadyny başdan geçirýär. Alýansymyzyň esasanam gündogar we günorta-gündogar serhetlerimizde dowam edýän uruş, krizis, terrorçylyk we kadasyz migrasiýa ýaly howplar, howpsuzlyk baradaky düşünjämizi täzeden düzmegi talap edýär. Köne nusgalar we köne pikirler bir-birden ýok edilýärkä, olaryň ornuny näme tutjakdygy ýa-da näme boljakdygy entek belli däl. Durnuklylygyň ýerine dartgynlygyň artýandygy, tertip-düzgüniň ýerine düzgünsizligiň, öňünden çaklap bolýanlygyň azalýandygy we hiç kimiň irden näme bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny öňünden görüp bilmeýän näbellilik döwrüniň ortasynda ýaşaýarys" diýip belledi.
Prezident Erdogan häzirki geosyýasy deňlemäniň NATO-nyň rolunyň ähmiýetini artdyrandygyny nygtap: “Türkiye hökmünde biz täze döwrüň ruhuny iň gowy düşünýän ýurtlaryň biri. Krizis sebitleri bolan 1800 kilometrden geçýän gury ýer serhedi bilen, güýçli goşuny, döwrebap harby mümkinçilikleri we ösen goranmak senagaty bilen Türkiye 70 ýyldan gowrak wagt bäri NATO-nyň howpsuzlygyna goşant goşýan ýaranlaryň öň hatarynda durýar. NATO-nyň missiýalaryna işjeň gatnaşýarys we parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagyny goldaýarys. Sebit krizislerini dolandyrmakdaky ajaýyp ukybymyzy hem-de NATO-nyň içindeki uly tejribämizi ýaranlarymyz bilen paýlaşýarys. Ankara sammiti tejribe paýlaşmak üçin iň güýçli platforma bolar” diýip beyan etdi.




















