Türkiye Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran NSosyal hasabyndan "Bütindünýä bosgunlar güni" mynasybetli beýannama berdi.
Bütindünýä Bosgunlar güni mynasybetli Burhanettin Duran uruşlar, çaknyşyklar we yzarlamalar sebäpli öz watanlaryny terk etmäge mejbur bolan millionlarça adamyň çeken jebir-jepalaryna ünsi çekip: "Gazada şu gün başdan geçirilýän tragediýa, mejbury göçüriliş we bigünä raýatlara ýetirilen ynsanperwerlik dramasynyň iň agyr mysallarynyň biri bolup durýar. Öýlerini, ýakynlaryny we iň esasy hukuklaryny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýan çagalaryň, zenanlaryň we raýatlaryň perýady adamzadyň umumy wyždanyna çagyryşdyr. Prezidentimiz jenap Rejep Taýýip Erdoganyň her bir pursatda nygtaýşy ýaly, ezilenleriň ýanynda durmak, adalaty goramak we adam mertebesini goramak diňe bir saýlaw däl, eýsem adamzadyň umumy wyždanynyň öňündäki jogapkärçilikdir. Türkiye öz taryhyndan we siwilizasiýa gymmatlyklaryndan ylham alyp, wyždany we adalatlylygy ileri tutýan pozisiýasyny berk gorap saklap, zulma sezewar bolanlaryň sesi bolmagyny dowam etdirer. 20-nji iýun, Bütindünýä Bosgunlar Güniniň halkara jemgyýetçiligi üçin has uly jogapkärçiligi öz üstüne almak, uzak möhletli çözgütleri işläp düzmek we hiç kimiň öz watanyny terk etmäge mejbur edilmeýän has adalatly dünýäni gurmaga goşant goşmak üçin mümkinçilik bolmagyny umyt edýärin" diýip belledi.



















