SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp bilen Zelenskiý G-7-niň sammitiniň çäginde duşuşdy
Ukrainanyň Prezidenti, “Pozisiýalary utgaşdyrmak diýseň möhüm” diýdi
Tramp bilen Zelenskiý G-7-niň sammitiniň çäginde duşuşdy
Tramp bilen Zelenskiý G-7-niň çäginde duşuşdy / Reuters

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýada geçirlen G-7-niň liderler sammitiniň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý duşuşyk hakynda Telegramdan beren habarnamasynda ““Pozisiýalary utgaşdyrmak diýseň möhüm” diýdi.

Tramp-Zelenskiý duşuşygyna ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň Baş sekretary Rüstem Umerow hem gatnaşdy.

Zelenskiý duşuşyk hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýannamasynda, Zelenskiý bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini belledi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio sammitiň çäginde Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sybiha bilen duşuşdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministri duşuşyk hakynda sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, ABŞ-nyň Eýran bilen gazanan ylalaşygynyň sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy taýdan düşümli bolmagyny diledi.