Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-nyň Eýrana garşy guran täze hüjümlerinden soň strategik taýdan möhüm Ormuz bogazynyň "ähli gämiler üçin ýapykdygyny" yglan etdi.
Ynkylap goragçylary penşenbe güni irden resmi Telegram kanalynda beren beýanatynda: “Sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli, Ormuz bogazy nebit tankerleri we söwda gämileri bilen birlikde ähli gämiler üçin ýapyldy” diýip aýan edildi.
Beýanatda: "Bogazdan geçmäge synanyşýan islendik gämi nyşana alynar" diýildi.
Bu möhüm deňiz ýolundaky gämi gatnawlary uruş sebäpli ep-esli azaldy. JPMorgan-yň maliýe maglumatlaryna görä, bogazdan görünýän geçiş urşuň öňki derejesiniň diňe 15 göterimine deň diýlip çaklanylýar.
Çaknyşyklaryň başlamagyndan bäri Eýran Ynkylapçy goragçylarynyň rugsady bolmazdan sebitden geçýän islendik gämini nyşana aljakdygyny aýtdy.













