Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Gaza guran soňky howa hüjümlerinde çagalar bilen birlikde azyndan 9 palestinli ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.
Al-Şifa hassahasyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň hüjümlerinde Gazada 4 binanyň nyşana alynandygy nygtaldy.
Ysraýylyň harby uçarlarynyň şol bir wagtda Gazanyň günbatarynda we demirgazygynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryny nyşana alandygy, nyşana alynan ýerleriň arasynda Şati bosgun düşelgesiniň, Şyh Ridwan, Tel al-Hawa we Mahabarat etrapçasynyň bardygy bellenildi.
Ysraýylyň howa hüjümlerinde 5-i şol bir maşgaladan bolmak bilen jemi 9 adamyň ýogalandygy, çagalar bilen birlikde köp sanly adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.
Ysraýylyň bombaly hüjümleri Gaza uly zeper ýetirmäge dowam edýär. Basyp alyjy güýçler sebitiň demirgazygynda we günortasynda bolsa uly göwrümli ýykylşyk operasiýalaryny geçirýär.
Şaýatlara görä Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäheriniň gündogarynda 10 binany we desgany ýykdy. Ysraýyl Gazanyň gündogarynda hem 2 binany ýykdy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazada başladan genosid söweşinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 73 müň palestinli ýogaldy, 173 müň palestinli hem ýaralandy. Gazanyň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümlerinde zenanlar we çagalar bilen birlikde 936 palestinli ýogaldy, 2 müň 903 palestinli hem ýaralandy.

















