Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň Odessa portundan Türkiyä tarap barýan türk eýeçiligindäki ýük gämisine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guralandygyny we wakada iki türk raýatynyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny habar berdi.
Gara deňizde Ukrainanyň Odessa portundan Türkiyä tarap ýola çykan türk eýeçiligindäki ýük gämisine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümi guraldy.
Ministrlik tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Wanuatu baýdagyny göterýän gäminiň 28-nji maý güni gije hüjüme sezewar bolandygy bellenip: "Gämidäki iki raýatymyzyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygy mälim boldy. Gämide işleýän raýatlarymyzyň ýagdaýy Odessadaky Baş konsullygymyz tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýär" diýip habar berildi.
Gözegçiliksiz urşuň öňi alynmaly
Gara deňizde soňky wagtlarda hasaba alnan uruş bilen baglanyşykly dartgynlylygyň sebit üçin döredýän töwekgelçiliklerine we howplaryna üns çekilen beýanatda, Türkiyä mümkin bolan ýaramaz täsirler baradaky duýduryşlaryň, ähli derejelerdäki ähli degişli taraplara ýetirilendigi nygtaldy.
Beýanatda urşuň gözegçiliksiz dartgynlaşmagyna eltip biljek ädimlerden gaça durmagyň zerurdygy bellenip, şular beyan edildi:
Gara deňzinde raýat gämileriniň gämi gatnawynyň howpsuzlygyny gorap saklamak we urşuň gepleşikler arkaly bes edilmegi baradaky çagyryşlarymyz güýçde galýar. Degişli taraplara dartgynlylygyň öňüni almak we parahatçylyk tapgyryny tizleşdirmek üçin sebitleýin degişlilige esaslanýan we netijä gönükdirilen çäreleri işläp düzmäge taýýardygymyzy ýatladýarys.


















