Çanhji welaýatynyň Çinýüen etrabynda kömür käninde ertiriň irki sagatlarynda gaz sebäpli partlama boldy.
Kömür käninde bolan partlamada 82 işçiniň ýogalandygy nygtaldy. Kömür käninde jemi 247 işçiniň işleýändigi habar berildi.
Harabalygyň aşagynda galan işçileriň halas edilmegi üçin gözleg işleri dowam edýär.
Resmiler heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýär.
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Szinpin mesele hakynda beren beýannamasynda, gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam etdirilmegi we ýaralananlaryň bejergisi üçin görkezme berendigini aýtdy.
Szinpin partlamanyň sebäbiniň anyklanyljakdygyny we jogapkärleriniň jerimesini çekjekdigini belledi.
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Szinpin şuňa meňzeş heläkçilikleriň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Waka bilen arabaglanşykly gozgalan derňew işi dowam edýär.














