Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň 2-nji martdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sany hakynda maglumat berdi.
Ysraýylyň ady agzalýan döwürde guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882, ýaralananlaryň sany bolsa 8 müň 768 adama ýetdi.
Ýogalanlaryň 200-niň çaga, 279-nyň zenandygy nygtaldy.
Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan saglygy goraýyş işgärleriniň sanynyň 249-a ýetendigi bellenildi.
Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri we atyşyk
Ysraýylyň harby goşuny Liwana garşy 2-nji martda howa hüjümlerini başlatdy. Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän birnäçe etapçany basyp aldy.
Liwanyň hökümeti Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ady agzalýan döwürde 1 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigini mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Liwan bilen Ysraýylyň arasynda 17-nji aprelde güýje giren 10 günlük ylalaşygyň möhlediniň 3-hepde uzadylandygyny mälim edipdi.
Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri dowam edýär, Hizbullah hem Ysraýyla degişli gaýtawuly görkezýär.












