Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen Pekinde bilen duşuşdy.
Eýranyň ýarym resmi “ISNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministri iş sapary bilen Hytaýa bardy.
Ministr Arakçi saparynyň çäginde Pekinde kärdeşi Wang bilen duşuşdy.
Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi, Hytaýyň ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan hüjümlerine garşy alyp barýan tutumyna kanagatlanma bildirýändiklerini aýtdy.
Hytaýy Eýranyň ýakyn dostu hökmünde häsiýetlendiren Arakçi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini belledi.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wang, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan bilelikdäki söweşiniň kanunlara we halkara hukugyna bap gelmeýändigini nygtady.
Wang söweşiň dolulygyna bes edilmelidigine ünsi çekdi.
Habara görä, Wang “Dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallalarymyzy dowam etdirmäge taýar. Hüjümler dolulygyna bes edilmeli, sebit diýseň ynjyk döwri başdan geçirýär we iki tarap özara duşuşyk geçirmeli” diýdi.

















