SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýran bilen gazanylan ylalaşyk berjaý edilmese, ABŞ-nyň "has uly, has güýçli we has berk" harby çäre görjekdiklerini duýdurdy.
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär / Reuters
Duş 12 Ýek

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni agşam ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" doly  iş ýüzüne geçirilýänçä Eýranda we sebitde harby güýçlerini saklajakdygyny hem-de borçnamalar ýerine ýetirilmedik halatynda berk çäre görüljekdigini duýdurdy.

Trump sosial media platformasy Truth Socialda beren beýanatynda ABŞ-nyň ähli gämileriniň, uçarlarynyň we harby gullukçylarynyň goşmaça ok-däri we ýaraglar bilen birlikde Eýranda hem-de sebitde  gazanylan ylalaşyk doly berjaý edilýänçä ýerlerinde galjakdygyny nygtap, "Eger haýsydyr bir sebäp bilen bu başa barmasa, ol örän pes ähtimallyk, onda "Çaknyşyklar" başlar, ozal hiç kimiň görmedik, eşitmedik möçberinde” diýdi.

Tramp şeýle hem "ýadro ýaraglaryny ýok etmek" barada "esli wagt mundan ozal" ylalaşyga gelnendigini we "ähli ýalan beýanatlary” kabul etmändigini aýtdy.

Tramp beren habarnamasynda "Ýadro ýaraglary bolmaz we Hormuz bogazy açyk hem-de howpsuz bolar. Şol bir wagtyň özünde biziň beýik goşunymyz ýaraglanýar we dynç alýar, aslyna garalanda nobatdaky zabtedişlige sabyrsyzlyk bilen garaşýar" diýip ýazdy.

Eýran we ABŞ sişenbe güni atyşygy iki hepde möhlet bilen bes etmek barada ylalaşandyklaryny yglan etdiler. Ylalaşyk ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan we sebitde müňlerçe adamyň ölmegine hem-de ýaralanmagyna sebäp bolan urşy bes etmek üçin gutarnykly ylalaşyga ýol şert döretmek maksady bilen edilipdi.

Ylalaşygyň gazanylandygy Trampyň Eýranyň Ormuz bogazyny açyp, ylalaşygy kabul etmegi üçin beren möhletiň gutarmagyna iki sagatdan az wagt galanda yglan edildi. Tramp eger ylalaşyk gazanylmasa "tutuş siwilizasiýasy ýok etjekdigini" aýdypdy.