DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran ABŞ-nyň F-35 harby uçaryny urup düşürdimi?
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny, ABŞ-na degişli ikinji F-35 uçarynyň urlup düşürlendigini öňe sürdi
Eýran ABŞ-nyň F-35 harby uçaryny urup düşürdimi?
Eýran ABŞ-nyň F-35 harby uçaryny urup düşürdimi? / Reuters
Duş 3 Ýek

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny anna güni ýurduň merkezinde ABŞ-na degişli F-35 harby uçaryny urup düşürdi.

Ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugy Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyna esaslanýan habarynda, uçaryň hatardan çykarlandygyny emma uçarman hakynda hiç hili maglumatyň berilmändigini mälim etdi.

Habarda 28-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde Eýranyň ABŞ-na degişli ikinji F-35 harby uçaryny urup düşürendigi nygtaldy.

ABŞ tarapyndan öňe sürülýän garaýyş hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Eýran 19-njy martda hem ABŞ-na degişli F-35 uçaryny urup düşürendigini habar beripdi, emma bu habar Waşington tarapyndan tassyklanmady.

Tähran penşenbe güni hem Ysraýyla degişli F-16 uçaryny urup düşürendigini öňe sürdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan söweşinde ýurduň ozalky dini lideri Ali Hameneýi bilen birlikde 1340 adam ýogaldy.

Eýran bolsa Ysraýyl bilen birlikde ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Iordaniýa, Yraga we Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guramaga dowam edýär.