Dünýäniň üns merkeziniň başga sebite gönügen günlerinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.
Ýerli ýolbaşçylaryň berýän habaryna görä, Russiýanyň şenbe güni ir ertir Ukrainada 2 şähere guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we azyndan 13 adamyň hem ýaralandy.
Ukrainanyň port şäheri Odesa bilen senagat merkezi Kriwoý Por şäherine hüjüm guraldy.
Rus hüjümlerinde ýaşaýyş jaýlary, senagat desgasy we çaga dogrulýan hassahana zeper ýetirildi.
Odesa şäheriniň ýolbaşçylary düýn gije guralan hüjümlerde ýaralanan 1 adamyň hassahanada aradan çykandygyny habar berdi.
Hüjümde biri çaga bolmak bilen azyndan 11 adam hem ýaralandy.
Hüjüm sebäpli birnäçe etraba zeper ýetirlendigi nygtaldy. Ulaglara zeper ýetirlendigi, birnäçe binanyň aýnasynyň dörlendigi bellenildi.
Senagat merkezi Kriwoý Por şäherine ertiriň irki sagatlarynda guralan hüjümde bolsa 2 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.
Hüjüm sebäpli desganyň ýanandygy we infrastruktura zeper ýetirlendigi ýatladyldy.













