DÜNÝÄ
1 minut okamak
Makron Ormuz bogazyny açmak üçin güýç ulanylmagyna garşy
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ysraýyl bilen birlikde ABŞ-nyň guraýan hüjümlerinden Ýewropanyň jogapkär bolmandygyny nygtady.
Makron Ormuz bogazyny açmak üçin güýç ulanylmagyna garşy
Makron Ormuz bogazyny açmak üçin güýç ulanylmagyna garşy / Reuters
Duş 5 Ýek

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýaranlaryna Ormuz bogazyny açmak üçin beren çagyryşyndan soň, bogazy zor bilen açmak üçin harby operasiýanyň geçirilmegi pikirine goldaw bermeýändigini aýtdy.

Makron penşenbe güni Günorta Koreýa guran saparynyň çäginde beren beýannamasynda “Kimdir biri Ormuz bogazyny zor bilen harby operasiýa bilen açmak pikirine goldaw berýär”diýdi.

Makron “Biz bu pikire goldaw bermeýäris, sebäbi bu dogry däl” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Makron “Ormuz bogazyndan geçen her bir gämi Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň ballistiki raketa hüjümlerine sezewar bolup biler” diýdi.

Makron çaknyşyklaryň bes edilmeginden soň gämileriň howpsuz ýagdaýda Ormuz bogazyndan geçmegi üçin Eýran bilen gepleşik geçirlip bilinjekdigini nygtady.

Makron “Biz başyndan bäri energiýa, dökün we halkara söwda üçin strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Ormuz bogazynyň açylmagyny isleýaris emma bu diňe Eýran bilen gepleşik geçirilmegi netijesinde mümkin bolar” diýdi.

“Parahatçylyk isleýäris”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň NATO-ly ýaranlaryny tankyt etmegi we guramanyň hataryndan çekilmek bilen hemle atmagy barada hem durup geçen Makron “Amerikalylaryň Ysraýyl bilen birlikde özbaşyna karar beren operasiýasy hakynda garaýyş beýan etmek islemeýärin. Özlerine goldaw berilmezligi olary biynjalyk edip biler, emma bu biziň operasiýamyz däl. Biz parahatçylyk isleýäris” diýdi.