DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýylyň Demirgazyk güýçleriniň serkerdesi Rafi Milo, Liwanda “howpsuz zolak” hökmünde atlandyrlan giňişligiň giňeldilendigini aýtdy.
Ysraýyl Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär / AP
Duş 12 Ýek

Ysraýylyň Demirgazyk güýçleriniň serkerdesi Rafi Milo, mesele hakynda beren beýannamasynda, Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guraýan hüjümleriniň göwrümini giňeldýändigini nygtady.

Rafi Milo Liwanda “howpsuz zolak” hökmünde atlandyrlan giňişligiň giňeldilendigini belledi.

Milo penşenbe güni beren beýannamasynda, harby goşunyň howpsuz zolak hökmünde atlandyrlan giňişligiň giňeldilmegi üçin goşmaça meýilnama taýarlandygyny aýtdy.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Liwanyň günortasyna birnäçe hüjüm gurady.

Hizbullah hem Ysraýyla degişli gaýtawulyň görkezilýändigini mälim etdi.

Şol günden bäri Ysraýylyň Maržaýoun sebitinde birnäçe etrapça girmäge synanşandygy habar berildi.

Hizbullah bolsa Ysraýylyň hüjümlerini yzyna serpikdirmäge dowam edýändiklerini aýan etdi.

Hizbullah Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky harby ulaglaryna we Ysraýylyň demirgazygyndaky güýçlerine garşy raketa we dron hüjümini gurandygyny habar berdi.

Ysraýylyň Demirgazyk güýçleriniň serkerdesi Rafi Milo, harby güýçleriň çaknyşyklarda Hizbullahyň 750-den gowrak agzasynyň öldürlendigini we Liwanyň çar tarapyndaky infrastrukturasyny hatardan çykarandygyny öňe sürdi.

Ysraýylyň harby goşuny penşenbe güni ir ertir, Liwana garşy guralýan hüjümleriň çäginde günortada bolan çaknyşyklarda 2 esgeriň ýogalandygyny, 5 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýylyň Kanal 14 teleýaýlymy çarşenbe güni Ysraýylyň Liwanda 8 kilometre çenli gözegçilik etmegi meýilleşdirýändigini we ady agzalýan zolakda 18 harby pozisiýa gurmaga başlandygyny habar berdi.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär we Liwanyň günortasyny basyp almagy meýilleşdirýär.

Liwanly resmiler Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 1116 adamyň ýogalandygyny we 3229 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.