Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan geçen asyrda nebit we uglerod ýangyjy boýunça edilen göreşiň ýerini geljekde suw ugrundaky göreşiň aljakdygyny aýtdy.
Döwlet Suw işleri edarasynyň guran täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Prezident Erdogan, penşenbe güni beren beýannamasynda, howanyň üýtgemeginiň, gurakçylygyň, ilat sanynyň artmagynyň, şäherleşmäniň we senagatlaşmagyň suwa bolan basyşy artdyrýandygyny nygtady.
Dünýäde häzirki wagtda 2,2 milliard adamyň arassa agyz suwyna elýeterli däldigini nygtan Erdogan, Bütindünýä Suw galkynyş habarnamasyna görä şol sanyň 2050-njy ýylyň ahyryna çenli 6 milliarda çenli baryp ýetmegine garaşylýandygyny ýatlatdy.
Suwyň güýç göreşiniň ähli taraplaýyn güýçlenýän asyrynda strategik we iň gymmatly serişdedigini nygtan Prezident Erdogan, Türkiýäniň daş-töwereginde başdan geçirilýän çaknyşyklara ser salnanda munyň häzirden görülýändigini belledi.
Erdogan dünýädäki suw serişdeleriniň 2,5 göteriminiň süýji suwdygyny we dünýäniň ilatynyň 1960-njy ýylda üç milliarda golaýdygyny, şu günki günde bolsa şol sanyň 8 milliartdan geçendigi sebäpli sarp edilmegi hem-de hapalanmagy sebäpli onuň çaltlyk bilen azalýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.













