Tähran ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky harby bazalaryna hüjüm gurady.
ABŞ bilen Ysraýyl anna güni ir ertir Eýrana howa hüjümini gurady.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi 5 hepdeden bäri dowam edýän söweş sebäpli gün tertibinde esasy orun eýeleýän Ormuz bogazy meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýarlanýar.
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýranyň harby ukubyny dolulygyna diýen ýaly ýok edendikleri hakyndaky garaýyşlaryna garamazdan, Tähran Ysraýyla we Aýlag ýurtlaryndaky Arap goňşularyna garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Bahreýn bilen Kuweýt Eýranyň ertiriň irki sagatlarynda howa hüjümini gurandygyny habar berdi.
Ysraýyl hem täze raketa hüjümlerine sezewar bolup biljekdigini mälim etdi.
ABŞ bilen Ysraýylyň Tährana we Yspyhana hüjüm gurandygy habar berildi.
Eýranyň Aýlag ýurtlaryndaky energiýa infrastrukturasyna guran hüjümleri we dünýäniň nebit-gaz üpjünçiliginde esasy orun eýeleýän Ormuz bogazyny ýapmagy nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyna we ykdysadyýete uly zeper ýetirdi.
Halkara ülňü bolan Brent nebitiniň barrel bahasy anna güni ir ertir 109 dollara golaýdy.
Brent nebitiniň barrel bahasy Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümleri sebäpli 50 göterim artdy.
Ýogalanlaryň sany artmaga dowam edýär
Söweş sebäpli Eýranda 1900-den gowrak adam ýogaldy, Ysraýylda bolsa 19 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Aýlag ýurtlarynda we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 20-den gowrak adam ýogaldy.
Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümleri sebäpli 13 amerikan esgeriniň ýogalandygy nygtaldy.
Ysraýylyň Liwana garşy guraýan hüjümleri sebäpli 1300-den gowrak adam ýogaldy we 1 milliondan gowrak adam ýaşaýan ýerini terk etdi.
Liwanda ysraýyly 10 esgeriň ýogalandygy bellenildi.












