Sişenbe güni Trump administrasiýasynyň ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan çäklendirmesini ýatyrmak şerti bilen urşy bes etmek we Ormuz bogazyny gaýtadan açmak baradaky teklibi kabul etmegi mümkin görünmeýärdi.
Bu teklip Tehranyň ýadro maksatnamasy boýunça alnyp barylýan gepleşikleri yza süýşürmegi göz öňünde tutýar. Emma ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşenbe güni “Fox News” teleýaýlymyna beren interwýusynda bu çemeleşmä garşy durýan ýaly çykyş etdi.
Rubio Pakistanyň ABŞ-na ýetiren Eýran tarapyndan hödürlenen teklibi barada şeýle diýdi: “Gazanyljak ıslendik ylalaşyk olaryň ýadro ýaragyna tarap gitmeginiň öňüni almalydyr.”
Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trumpyň milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçileriniň bu teklibi ara alyp maslahatlaşandygyny we Trumpyň bu mesele bilen wagyt gelende gyzyklanjakdygyny beýan etdi.
Teklip Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň duşenbe güni uzak ýyllardan bäri Tähranyň esasy ýarany hasaplanýan Russiýa saparynyň dowamynda gün-tertibine geldi. Moskwanyň häzirki wagtda nähili goldaw berip biljekdigi ýa-da umuman goldaw berip-bermejekdigi bolsa entek belli däl.
Uruş başlaly bäri Eýranda azyndan 3,375 adam, Liwanda bolsa azyndan 2,521 adam heläk boldy.
Ysraýylda 23 adam ýogaldy, Pars aýlagy ýurtlarynda bolsa 10-dan gowrak adam aradan çykdy. Şeýle hem Liwanda 16 Ysraýyl esgeri, sebitde 13 amerikan harby gullukçysy we Liwanyň günortasynda BMG-niň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň düzüminde gulluk edýän 6 esgeriň ýogalandygy habar berildi.
Rubio: ýadro ‘esasy mesele’
Rubiodan “Fox Newsa” beren interwýusynda ABŞ-nyň gabawyny ýatyrmak we urşy bes etmek şerti bilen Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça gepleşikleri yza süýşürmegi, emma Ormuz bogazyndaky çäklendirmäni bes etmek hakyndaky teklibi barada hem soraldy.
Rubio soraga şeýle jogap berdi: “Meniň pikirimçe hiç hili şübhe ýok — geljekde eger-de bu radikal dini režim Eýranda häkimiýetde galmagyny dowam etdirse, olar ýadro ýaragyny edinmek boýunça karara gelerler. Bu esasy mesele bilen yüzleşmek gerek. Biziň esasy meselämiz häzirki wagtda hem şol.”
Rubio, Eýranyň ylalaşyk meselesinde içgin bolup-bolmandygy soralanda: “Olar wagt utmağa synanyşýan ökdedigini aýtdy we şeýle dowam etdi: “Muny olaryň bähbidine berip bilmeris. Islendik baglaşyljak ylalaşyk olaryň islendik pursatda ýadro ýaragyna tarap gitmegini doly bökdemelidir.”












