DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Eýran ylalaşygynyň möhledini uzaltdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Pakistanyň hökümetiniň talabyna laýyklykda ylalaşygyň möhlediniň uzadylandygyny habar berdi.
Tramp Eýran ylalaşygynyň möhledini uzaltdy
Tramp Eýran ylalaşygynyň möhledini uzaltdy / AA

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýran bilen geçirilýän gepleşiklere has köp wagtyň berilmegi üçin ylalalşygyň möhlediniň uzadylandygyny, emma ABŞ-nyň deňiz gabawynyň dowam etjekdigini mälim etdi.

Tramp sişenbe güni sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Eýran çaknyşygy bes etmek teklip hödürleýänçä ylalaşygyň möhlediniň uzadyljakdygyny mälim etdi.

Tramp “Harby goşunymyza gabawy dowam etdirmekleri üçin görkezme berdim” diýip belledi.

Ak Tam Prezident Trampyň bu kararyndan birnäçe sagat ozal, Wise-prezident Wensiň parahatçylyk gepleşikleriniň ikinji tapgyryna ýer eýeçiligini etmegine garaşylýan Pakistana gitmejekdigini mälim edipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Eýrandaky içerki çekeleşigiň uly rol oýnaýandygyny nygtady. Tramp Pakistanyň hökümetiniň ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagyny isländigine aýratyn ünsi çekdi.

Tramp Trut Sosial arkaly beren habarnamasynda “Eýranyň hökümet agzalarynyň arasynda düşnüşmezligiň bardygyny bilýäris we Pakistanly general Asim Munir we Premýer-ministri Şahbaz Şerif Eýrana guralýan hüjümleriň yza süýşürilmegini isledi” diýip belledi.

Deňiz gabawy dowam eder

Prezident Donald Tramp, Eýranyň Ormuz bogazyndaky portlaryna goýla gabawyň dowam etjekdigine ünsi çekdi.

“Harby goşunymyza gabawy dowam etdirmekleri üçin görkezme berdim” diýen Tramp, Eýran çaknyşygy bes etmek teklip hödürleýänçä ylalaşygyň möhlediniň uzadyljakdygyny aýratyn belledi.