Palestiniň Daşary işler ministri Warsen Agabekýan, Ysraýylyň Gazadaky palestinlilere edýän genosidiniň dowam edýändigine ünsi çekdi we halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly herekete geçmekleri üçin çagyryş etdi.
Anna güni Türkiýede geçirlen Antalýa Diplomatiýa forumynda çykyş eden Agabekýan, birnäçe aý ozal atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan Gazadaky ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygyny nygtady.
Agabekýan “Şarm al Şeýhde 5 aý ozal ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan Gazadaky betbagtçylyk dowam edýär” diýdi.
Öýlerini terk eden palestinlileriň çadyrlarda agyr şertlerde ýaşaýandyklaryny gürrüň beren Agabekýan “Ynsanlar suwyň aşagynda galan çadyrlarda ýaşaýar” diýdi.
Palestiniň Daşary işler ministri Agabekýan “Gazada gyssagly ynsanperwer kömek tagallary haçan başlar. Gazanyň halky saglygy goraýyş, bilim we arassa agyz suwly ýaly hyzmatlardan haçan peýdalanmaga başlar” diýip ýüzlendi.
Palestiniň Daşary işler ministri 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň her gün ylalaşygy bozmaga dowam edýändigini ýatlatdy.
Saglygy goraýyş ministrligi ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 765 palestinliniň ýogalandygyny, 2 müň 140 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Gazaly resmilere görä, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümleri sebäpli 72 müň 340 adam ýogaldy, 172 müň 250-den gowrak adam hem ýaralandy.
Hüjümler sebäpli Gazanyň infrastrukturaysnyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.








