Moskwa we Kiýew biri-birini ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünlerini bozmak bilen aýyplaýarlar; şenbe güni, ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje gireninden birnäçe sagat soň, 1 müňden gowrak uçarmansyz howa ulagy we artilleriýa hüjümleri barada habarlar peýda boldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni agşam Ukraina tarapyndan jemi 1971 gezek ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgün bozulmagynyň hasaba alnandygyny öňe sürdi.
Ministrlik şeýle hem ukrain güýçleriniň Dnepropetrowsk, Sumy we Donetsk sebitlerinde Russiýanyň pozisiýalaryna gijelerine köp sanly hüjümleri amala aşyrandygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan, Ukrainanyň Baş ştaby ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden başlap ýekşenbe agşamy sagat 22:00-a çenli 7696 gezek düzgün bozulmanyň hasaba alandygyny habar berdi.
Şolaryň hatarynda 1355 artilleriýa hüjüminiň, 115 hüjüm operasiýasynyň we 6226 kamikaze dron hüjüminiň bardygy habar berildi.
Fewral aýynda uruş bäşinji ýylyna gadam basdy, bu beýanatlary bolsa garaşsyz ýagdaýda tassyklamak kyn.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni ot açmagy bes etmek barada ylalaşygyň güýje girendigini yglan etdi, şol bir wagtyň özünde harby serkerdelere ony durmuşa geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy we Ukrainanyň öjükdirmelere başlan hakatynda Moskwanyň jogap berjekdigini aýtdy.
Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje gireninden birnäçe sagat öň, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Kiýewiň hem bu başlangyja goşuljakdygyny we "şol bir görnüşde" hereket etjekdigini aýtdy.
Bu borçnamalara garamazdan, iki tarap hem ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk başlanandan birnäçe sagat soň birek-biregi düzgün bozmakda aýyplady.










