DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Gazada polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady
Ysraýyl geçen ýylyň oktýabr aýynda Hamas bilen hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan 700 palestinlini öldürdi.
Ysraýyl Gazada polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady
Ysraýyl Gazada polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady / Reuters
Duş 13 Ýek

Ysraýyl Gazanyň merkezinde ýerleşýän Bureýj bosgun düşelgesinde polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady.

Saglygy goraýyş işgärlerine görä hüjümde azyndan 6 adam ýogaldy, birnäçe adam bolsa ýaralandy.

Şenbe güni er ertir guralan hüjümde ýogalanlaryň şahsyýetleri hakynda doly maglumat berilmedi.

Ysraýylyň harby goşuny hem mesele hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

Saglygy goraýyş işgärlerine görä, Ysraýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümleridne onlarça polis gullukçysy ýogaldy.

Ysraýyl bilen Hamas geçen ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Palestiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy okýabrynda gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýär.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazada başladan genosid söweşinde 72 müňden gowrak palestinlini öldürdi, 172 müň adamy ýaralandy. Sebitiň infrastrukturasynyň 90 göterimini hatardan çykardy.