Türkiyäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we iki taraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebitleýin we global wakalary ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi.
Liderler şenbe güni geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary gözden geçirdiler. Beýanata görä, Erdogan ähli ugurlarda, esasanam goranmak senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki ýurt üçin hem peýdaly boljakdygyny belledi.
Erdogan Eýrana garşy hüjümler bilen başlan bu prosessiň global gurşawa ýaramaz täsir ýetirendigini aýtdy. Ol Türkiyäniň we beýleki ýurtlaryň goldawy bilen geçirilen diplomatik tagallalaryň ot açmagy bes etmek baradaky tapgyrda "möhüm rol" oýnandygyny beýan etdi.
Erdogan ot açmagy bes etmek baradaky ýaraşygyň goralyp saklanmagyň zerurdygyny nygtap, esasan hem Liwana guralýan hüjümler babatynda "ot açmagy bes etmek prosesine päsgel berip biljek synanyşyklara" ýol berilmeli däldigini duýdurdy.
Erdogan Ankaranyň durnuklylygy gorap saklamak üçin edilýän tagallalara goşant goşmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan şeýle hem Gaza parahatçylyk meýilnamasynyň ikinji tapgyrynyň başlanmagynyň möhümdigini nygtap, gazanylan depginiň "ýitmeli däldigini" aýtdy.
Liderler şeýle hem Ormuz bogazynda "halkara hukugynyň esasynda" gämi gatnawynyň erkinligini üpjün etmek, Siriýadaky wakalar, Kawkazda parahatçylygy goldamak we Ukraina bilen Russiýanyň arasynda dowamly parahatçylyk üçin gepleşikleri dikeltmek tagallalary barada pikir alyşdylar.


















