Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan penşenbe güni Stambul şäherinde Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Muhammed bilen duşuşdy.
Iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Kommuniýasiýalar edarasynyň türk sosial media platformasy Nsosial arkaly beren habarnamasynda duşuşygyň Dolmabahçe köşgünde geçirlendigi nygtaldy.
Prezident R. T. Erdogan duşuşykda Ankaranyň esasan söwda we energetika pudagy boýunça Somali bilen edýän özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan Türkiýäniň buraw gämisi Çagry Beýiň Somalide burawlaýyş işlerine başlamagynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanýandygyny görkezýändigine ünsi çekdi.
Ankaranyň Somaliniň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň Somali bilen Efiopiýanyň arasyndaky düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Duşuşyga Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn bilen birlikde Kommuniýasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran hem gatnaşdy.








