Ysaýylda oppozisiýanyň lideri Ýair Lapid, çarşenbe güni wagtlaýyn ABŞ-Eýran ylalaşygyna goldaw berendigi sebäpli Netanýahuny berk tankyt etdi we bu ýagdaýy syýasy we strategiýa taýdan “şowsuz” hökmünde häsiýetlendirdi.
Lapid X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Taryhymyzda şeýle uly syýasy betbagtçylyk görmedik. Milli howpsuzlygymyz bilen arabaglanşykly kararyň kabul edilýän pursatlarynda Ysraýyl stoluň başynda ýokdy” diýdi.
Lapid Netanýahunyň ulumsylygy, geleňsizligi we strategik meýilnamasynyň ýokdygy” sebäpli birnäçe ýylyň dowamynda ylalaşygyň jerimesini tölejekdigini nygtady.
Lapid habarnamasynda “Harby goşun öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirdi we halk adatdan daşary ýagdaýda parasatly çemeleşdi, emma Netanýahu syýasy we strategiýa taýdan üstünlik gazanyp bilmedi we göz öňünde tutan maksadyna ýetip bilmedi” diýdi.
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga goldaw berýändigini mälim etdi emma iki hepdelik ylalaşygyň Liwany öz içine almaýandygyny nygtady.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýrana guralýan hüjümleriň iki hepde möhlet bilen bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny mälim edipdi.















