TÜRKIÝE
1 minut okamak
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýylyň Palestinden Liwana we Siriýa tarap basyp alyşlyk syýasatyny alyp barýandygyny nygtady.
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi / AA
Duş 13 Ýek

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýylyň howpsuzlyny bahana edip has köp ýer almaga çalyşýandygyny aýtdy.

Şenbe güni Antalýa Diplomatiýa forumynda çykyş eden Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Ysraýyl howpsuzlygynyň däl, eýsem has köp ýeri basyp almagyň ugrunda. Howpsuzlyk meselesi Netanýahunyň hökümeti tarapyndan has köp ýeri basyp almak üçin bahana hökmünde ulanylýar” diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan “Ysraýyl halkara derejesinde howpsuzlygyny ýola goýmaga çalyşýan ýaly görünýär, emma esasan soňky ýyllarda munyň beýle bolmandygyny açyk-aýdyň gördük” diýdi.

Fidan Ysraýylyň Palestinden Gaza, basyp alyşyk astyndaky Günbatar Şeria, Gündogar İýerusalime, Liwana we Siriýa tarap basyp alyjy syýasatyny dowam etdirýändigini ýatlatdy.