Pekin şuňa meňzeş hereketleriň ýadro ýaraglarynyň öňüniň alynmagy üçin edilýän tagallalara zeper ýetirýändigini nygtady.
Hytaý duşenbe güni ABŞ-na ýadro ýaragyna eýe bolmadyk ýurtlaryň parahatçylykly maksatly ýadro desgalaryna guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş etdi.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Guo Žiakun Pekiniň geçen hepde ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy şertnamasyny gözden geçiriş konferensiýasyna ýörite habarnama hödürländigini aýan etdi.
Guo konferensiýasynyň ABŞ-na ýadro ýaraglary meselesinde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmegi we parahatçylykly maksatly ýadro desgalaryna guraýan hüjümlerinden ýüz öwürmegi üçin çagyryş etmelidigini nygtady.
Waşingtonyň mundan başgada ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Awstraliýanyň arasyndaky AUKUS-yň çäginde ýüze çykan ýadro ýaraglarynyň ýaýramak howpuny seljermelidigi bellenildi.
Habarnamada şeýle hem ýadro ýaraglarynyň azaldylmagy, ýadro söweşiniň öňüniň alynmagy, ýadro meseleleriniň diplomatiýa arkaly çözülmegi we ösüp barýan ýurtlaryň parahatçylykly maksatly ýadro energiýasyndan peýdalanmak hukugynyň goralmagy teklip edildi.
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrandaky ýadro desgalaryna guran hüjümini tankyt eden Hytaý, hüjümler sebäpli ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy şertnamasyna uly zarba urlandygyny mälim edipdi.








