DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Tramp Yslamabat gepleşikleriniň netijesiz gutarmagyndan soň Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär / Reuters
13 Aprel 2026

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, parahatçylyk gepleşikleriniň netijesiz gutarmagyndan soň Prezident Tramp Eýranyň infrastrukturasyny nyşana almak isleýär.

“Ze Wol Strit Žornal”gazetiniň berýän habaryna görä, şenbe güni Pakistanda geçirlen parahatçylyk gepleşikleriniň netijesiz gutarmagyndan son ABŞ Eýrana garşy täze harby hüjümiň guralmagy meselesini gün tertibine aldy.

Yslamabatda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerine ABŞ-nyň Wise-prezident Wensiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Ýekşenbe güni çap edilen habara görä, Prezident Donald Tramp we geňeşçileri düşnüşmezligi çözmek üçin Ormuz bogazynyň gabaw astyna alynmagy we Eýrana çäkli harby hüjümiň guralmagy meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Florida ştatyndaky kabulhanasynda metbugata beýannama beren Tramp, dartgynlyk dowam eden halatynda Eýranyň energetika we suw infrastrukturasyny ýok etjekdiklerini aýtdy.

Tramp “Eýranyň energetika we suw infrastrukturasyny nyşana almak islemeýärin, emma ähli alternatiwleri seljerýäris” diýdi.

Gabaw strategiýasy

Ak Tamyň metbugat sekretary Oliwia Wales, Ormuz bogazyny gabaw astyna almak meselesiniň Eýranyň boýun egmegi üçin basyş edilmegi maksady bilen gün tertibine getirlendigini aýtdy.

Waşington Eýranyň urany kämilleşdiriş işlerinden dolulygyna ýüz öwürmegini, ähli desgalaryny ýykmagyny we giňişleýin howpsuzlyk çarçuwasyny kabul etmegini talap edýär.

Gabaw stategiýasy, Eýranyň hökümetiniň bujetiniň ýarysyny emele getirýän nebitden alýan girdejisini kesmegi maksat edinýär. Emma bu çemeleşme diýseň howply. Eýranyň kenaryna çenli gelen amerikan gämileri dron we raketa hüjümlerine sezewar bolup biler.