DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi
ABŞ-nyň prezidenti Eýranyň ýadro desgalaryna guralan hüjümleriň onuň programmasyny "ýok edendigini" belläp, onuň uran gorunyň "tozana" öwrülendigini aýtdy.
Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi
Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň baýlaşdyrylan uran goruny gaýtadan dikeltmegiň "uzak we kyn tapgyr" boljakdygyny aýtdy.

Tramp duşenbe güni beren beýanatynda 2025-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň ýadro desgalaryna garşy buýruk beren hüjümlerine salgylanyp: "Gije Ýary Çekiç operasiýasy Eýrandaky tozana öwrülen ýadro desgalarynyň dolulygyna we çürt-kesik ýok edilmegi bilen tamamlandy" diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti köp wagtdan bäri guralýan hüjümleriň Eýranyň ýadro programmasyny "ýok edendigini" öňe sürdi we soňky wagtlarda uran goruny “tozan” hökmünde häsýetlendirdi.

Tramp: "Şonuň üçin ony dikeltmek uzak we kyn tapgyr bolar" diýip nygtady.

Tramp bu beýanatyny Pakistanda geçirilmeği meýilleşdirlen ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda berdi.

Tramp ýekşenbe güni ABŞ-nyň wekilleriniň gepleşik geçirmek üçin Yslamabada barjakdygyny aýan etdi; emma Tähran entek resmi taýdan gatnaşygyny tassyklamady, şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Ormuz bogazyndaky blokadasynyň aýrylmagyny talap etdi.

Pakistan 1979-njy ýylda diplomatik gatnaşyklaryň kesilmeginden bäri 11-12-nji aprelde paýtagty Yslamabadda ABŞ bilen Eýranyň arasynda ilkinji gezek ýokary derejeli göni gepleşiklere ýer eýeçiligini etdi, ýöne gepleşiklerde öňegidişlik gazanylyp bilinmedi.